Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Düýn, 2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň gatnaşmagynda dürli ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şolaryň hatarynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem gol çekildi.
Ähtnamanyň maksady taraplaryň guraýan çärelerine we duşuşyklaryna gatnaşmak arkaly ýaşlar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.
Täze resminamada ýaşlary, ýaşlar guramalarynyň wekillerini we ýaşlaryň syýasatyny alyp barýan döwlet işgärlerini özara alyş-çalyş etmek, ýaşlar işleri boýunça iki döwletiň çäklerinde guralýan halkara maslahatlara we seminarlara gatnaşygy giňeltmek, bu ugurda tejribeleri we filmleri alyş-çalyş etmek, iki döwletiň çäklerinde geçirilýän ýaşlaryň festiwallaryna gatnaşmak ýaly anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.
«Türkmen sporty» gazeti.