2022-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi.
Bu ählihalk çäresi täzelenişiň we bereketiň dabarasy bolan Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp geçirildi.
Nowruz baýramynyň bellenilýänligi asyrlar bäri dowam edip gelýän milli däplere ygrarlydygymyzyň we türkmen tebigaty hakynda çynlakaý alada edilýänliginiň subutnamasydyr.
Bag ekmek dabarasyna gatnaşýanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip, agaç nahallaryny oturtmak işine girişdiler. Bu çärä ähli ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň, welaýatlaryň, şäherdir etraplaryň, şeýle-de paýtagtymyzyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanda daşky gurşawy goramak işine uly üns berilýär. Şonuň üçin hem her ýylda agaç nahallaryny otirtmak çäresiniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.
Şunuň ýaly köpçülikleýin çäreler jemgyýete bähbitli işe goşant goşmak isleýän adamlary has-da jebisleşdirýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen ýazky bag ekmek çäresiniň dowamynda saýaly, pürli, miweli baglaryň millionlarçasy oturdyldy.