Soňky habarlar

Sportuň tennis görnüşi boýunça birinjiligi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ylalaşan meýilnamasyna esaslanyp, “Türkmenstan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy           2019-njy ýylyň 23-nji iýulynda gojaman Köpetdagy etekläp oturan Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň tennis görnüşi boýunça şahsy birinjiligi almak ugrunda merkezara bäsleşigi gurnady. Bu bäsleşige  Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ählisiniň (14 sany) ýygyndy toparlary gatnaşdylar.        

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň umumy netijesi boýunça  I orna – “Şöhle” ÇSM-niň ýygyndy topary,  II orna – “Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky” ÇSM-niň ýygyndy topary, III orna – “Nesil” ÇSM-niň ýygyndy toparlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijileri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we göçme Kuboklary bilen sylaglandylar.