Soňky habarlar

Möhleti üýtgedilen ýaryşlar

«Tokio 2020». Tomusky Olimpiýa oýunlary

Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek bu ýaryş täk ýylda geçirildi. Ýöne ýaryşyň hasabaty we beýleki guramaçylyk işleri bilen baglylykda ol «Tokio 2020» şygary bilen guraldy. Aziýa yklymynda geçirilen bu Olimpiadada agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ilkinji olimpiýa medalyny gazanan türgen boldy. Ol kümüş medala eýelik etdi.

«Euro 2020». Futbol boýunça Ýewropa çempionaty

Ýewropanyň futbol çempionatynyň dabarasy bu gün ähli yklymlara giňden ýaýransoň, oňa dünýä çempionatyndan soňra iň gyzykly futbol bäsleşikleriniň biri hökmünde garalýar. Ilkinji gezek Ýewropanyň onlarça şäherinde geçirilen bu ýaryşyň ýene aýratynlygy täk ýylda geçirilse-de, «Euro 2020» şygarynyň üýtgewsiz galmagy bilen baglydyr.

Hokkeý. Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty

2021-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Kanadada ýaşlaryň arasyndaky hokkeý boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi. 29-njy dekabra çenli dünýä çempionatynyň 9 duşuşygy geçirildi. Emma 2022-nji ýylyň 5-nji ýanwaryna çenli dowam etmeli bu ýaryş guramaçylaryň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli togtadyldy. Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) ony 2022-nji ýylda Kanadada geçirmegi meýilleşdirýär.