8-nji dekabrda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ilkinji çykyşy başlandy. Şol gün 49 kliogram agram derejesesiniň «A» toparçasyndaky ýaryşlara orun berlip, oňa ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa gatnaşdy. Bäsleşik dünýäniň iň güýçli zenan türgenleriniň 11-sini jemledi. Silterläp götermek boýunça turuwbaşdan 76 kg agramy buýran zehinli agyr atletikaçymyz ikinji synanyşygynda bu agyrly boýun egdirdi. Ýulduzyň bu netijesi birbada galdyrmak boýunça bäsleşigiň bürünç medaly bilen bellendi. Onuň görkezijisi tailandly zenan Surodçana Khambaonyňkydan (86 kg) hem-de ýaponiýaly türgen Rira Suzukiniňkiden (78 kg) soň üçünji orna düşdi.
Itekläp galdyrmakda 100 hem-de 101 kilogram agyrlyklary buýran ildeşimiziň synanyşyklary başa barmady.
9-njy dekabrda bolsa ildeşimiz Seýitjan Mirzaýewiň çykyşy ildeşlerimiziň üns merkezinden ornuny tapdy. Dünýä çempionatyna 61 kilogram agramda gatnaşýan Seýitjan hem silterläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy. Ol 128 kilogram agyrlygy galdyrmagy başardy. Bu agramy ikinji synanyşygynda galdyran agyr atletikaçymyzyň silterläp götermekdäki bu görkezijisi Şota Mişwelidze (131 kg) bilen Rok Şineniňkiden (132 kg) soňky netije boldy.
Itekläp götermekde Seýitjan Mirzaýew 145 we 147 kilogram agramlygy galdyrmaga synanyşdy.
«Türkmen sporty».