Soňky habarlar

Eýranly derwezeçi oýun wagty topy uzak aralyga zyňmakda rekord goýdy

Eýranyň ýygyndysynyň we Portugaliýanyň «Boawiştasynyň» derwezeçisi Alireza Beiranwand futbol topuny uzak aralyga zyňmakda Ginnesiň rekordyny täzeledi.

Beiranwand topy 61,26 metr aralyga zyňdy. Bu waka 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda bolup geçdi. Üstünligiň resmi taýdan ykrar edilmegi üçin bäş ýyl gerek boldy.

Eýranly derwezeçiniň meýdançanyň 75 göteriminden aşyryp zyňan topy Wahid Amirini Günorta Koreýanyň derwezeçisi bilen başa-baş çykardy. Emma ol bu mümkinçiligi peýdalanyp bilmedi. Alireza Beiranwandyň döreden ajaýyp mümkinçiligini peýdalanyp bilmedik hüjümçi pökgini derwezeden sowa depipdir.

Alireza çarwa maşgalasynda doglup, çaga wagty goýun-geçi bakypdyr. Kakasy oglunyň futbol oýnamagyny islemändir. Emma Alireza arzuwyny amala aşyrmak üçin kakasynyň diýenine gulak asman, futboly saýlapdyr.

Eýranly derwezeçi öz üstünliginiň ykrar edilerine 5 ýyl garaşsa-da, onuň yhlasy ýerine düşüp, dünýä futbolynyň taryhyna giren görkezijiniň eýesi boldy.