Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiadada Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan üstünligi mynasybetli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, guramalaryň we Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň wekilleri, şeýle-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
XXXII tomusky Olimpiadada kümüş medal gazanan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewanyň üstünlikli çykyşyna hormatly Prezidentimiziň ýokary baha berip, Şa serpaýyny ýapmagy ähli türgenleri ruhlandyrdy.
Çykyş edenler milli Liderimiziň türkmen sportunyň ösdürmek hakyndaky yzygiderli aladalaryna jogap edip, yhlasly işlejekdiklerine ynandyrdylar. Maslahat gatnaşanlar ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy bolan Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden alkyş aýtdylar.
Hojaberdi APBAÝEW.