XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň gyzgalaňly dowam edýän günleri türkmen sportunyň taryhyny hem ebedilik bezedi. Türkmen Tugunyň Günüň dogýan ýurdunda türgenimiziň olimpiýa medalynyň nyşany hökmünde belende galdyrylýan taryhy pursatlary watandaşlarymyzyň ählisini bagtyýar etdi. 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly türkmen sportunyň üstünlikleriniň ýyl ýazgysyna iň möhüm seneleriň biri hökmünde girdi. Şol gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly türgeni Polina Gurýewa Watanymyzyň baýrak gaznasyny XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medaly bilen baýlaşdyrdy. Biz bu taryhy wakanyň yzysüre iri sport ýaryşynyň agyr atletika bäsleşiginde umumylykda 217 kilogram agyrlygy göterip, hem-ä ýurdumyza Olimpiýa medalyny getirmegi, hem-de öz şahsy rekordyny täzelemegi başaran türgenimiz bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly söhbetdeşlik guradyk.
– Polina, ilki bilen sizi ähli türgenleriň iň arzyly arzuwy bolan olimpiýa medalyňyz bilen gutlaýarys!
– Gutlagyňyza, arzuwlaryňyza sag boluň!
– Tokio Olimpiadasyndan ilkinji täsirler barada gürrüň beräýiň!
– Olimpiýa obajygyna gelenimizde söz bilen beýan edip bolmajak duýgulary başdan geçirdim. Sportuň parahatçylygyň ilçisi bolup, halklary dostlaşdyrýandygyna has hem içgin göz ýetirdim. Dürli döwletleriň türgenleri, esasan hem, tanymal türgenler bilen bir ýerde bolmak, olar bilen bir ýaryşda çykyş etmek diýseň täsirli.
– Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görşüňiz barada hem aýdaýsaňyz.
– Sportuň şu görnüşini saýlap alyp, türgenleşip başlan günlerim öňümde uly maksat goýupdym, ol hem ýurdumyza olimpiýa medalyny getirmekdi. Şol maksat bilen Olimpiýa oýunlaryna fiziki hem ruhy babatda taýýarlandym. Fiziki taýdan yzygiderli hem irginsiz türgenleşikleri ruhy taýdan ykjam taýýarlygymyň nyşany bolan ynam bilen utgaşdyryp, hormatly Prezidentimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe» diýen jümlesini şygar edindim.
– Arzyly hem arzuwly ýeňiş size nähili duýgulary bagyşlady?
– Garaşylmadyk şatlykly pursatlarda özüňe doly erk edip bolmaýar eken. Şol pursat meni şatlyk gözýaşlary, Arkadagly ýurdumyza buýsanç, ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylan pursatynda bolsa parahat Watanymyza söýgi, hormatly Prezidentimize bolan alkyş-hoşallyk, bu üstünligi gazanmagyma ýardam eden ynsanlaryň ählisine hormat we beýleki ajaýyp duýgular gurşap aldy. Olary söz bilen beýan etmek mümkin däl. Men her bir türkmenistanly türgene şeýle duýgulary başdan geçirmegi arzuw edýärin.
– Şu pursatda arzuwlaryňyzy, geljekki maksatlaryňyzy hem beýan edäýseňiz?
– Häzirki pursatda arzuwlarym oglanlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, ýaşyl Baýdagymyzy belende galdyrmagynda jemlenýär. Soňra bolsa «Towşana dogduk depe» diýlişi ýaly, arzyly medalym bilen Watanymyza dolanyp baryp, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödändigimiziň, edilen uly aladalara, döredilen giň şert-mümkinçiliklere başardygymyzdan jogap berendigimiziň nyşany bolan üstünligimiz bilen ildeşlerimizi begendirmek isleýärin. Çünki men mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna özboluşly sowgat – Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly bilen barýaryn.
– Polina, Günüň dogýan ýurdundan sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly biziň bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin sagbolsun aýdýarys. Ýene bir gezek ýeňşiňiz bilen gutlaýarys! Höwri köp bolsun!
– Sag boluň! Ähli ildeşlerimize janköýerlik edendikleri üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şu pursatda biz türgenlere döredip beren ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag,ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Söhbetdeş bolan Aýna ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw bölüminiň hünärmeni.