Soňky habarlar

Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy

1-nji iýunda Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi giňden belledi. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşan köp sanly şadyýan we gyzykly çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp baýram mynasybetli çagalara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly: «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir».

Milli Liderimiziň Gutlagynda: «Biz mähriban çagalarymyzy beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmek üçin hemişe alada ederis» diýilýär.
Türkmenistanda maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, bu ugurlary kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başlap, iň oňat dünýä tejribelerine çenli, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň toplumlaýyn ulgamy döredildi.

Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr. Diýarymyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan doly derejede ösmegi ugrunda ähli şertleri üpjün etmek, olaryň başarnyklaryny we zehinlerini açmak üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmek üstünlikli durmuşa geçirilen döwlet wezipesidir. Ýurdumyzdaky häzirki ähli okuw maksatnamalary, durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri, bilime, saglygy goraýşa, sportuň, boş wagtyňy işjeň geçirmegiň düzümleriniň we beýlekileriň ösdürilmegine berilýän ägirt uly döwlet maýa goýumlary hut şu işlere gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan köp çagaly maşgalalara täze öýleriň sowgat berilmegi şu ählitaraplaýyn aladanyň ýüze çykmalarynyň biridir. Her ýyl ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Birnäçe beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, köp çagaly bolmak ýörelgesiniň ýitirilmän, eýsem, häzirki eýýamymyzda täzeden dikeldilmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan «Ene mähri» döwrebap saglyk merkezleri ilata diňe bir ýokary hilli saglyk kömegini bermek bilen çäklenmän, eýsem, enäniň we çaganyň saglygyny berkitmäge, maşgalany jebisleşdirmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alyp barýan iri ylmy merkezler hasaplanylýar.

Diýarymyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyga garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem iri halkara guramalaryň ýokary bahalaryna eýe boldy. Hususan-da, çaga dogulmagyna kömek beriji edaralar «Çaga hoşmeýilli garamagyň hassahanasy» diýen ýokary derejä mynasyp boldular we bu dereje Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň seljerijileri tarapyndan tassyklanyldy.

Milli Liderimiz bu ugurlaryň ählisi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda enäni we çagany goramak boýunça ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalara örän işjeň gatnaşýan ÝUNISEF bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ilata lukmançylyk kömegini bermekde düýpli üstünlikler gazanyldy. Meselem, keselleriň görnüşleriniň düýpli kemelmegini, şeýle hem çagalara sanjym etmegiň ýokary derejesine ýetilmegini bu üstünlikleriň hatarynda agzamak bolar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bedenterbiýe-sport hereketi giňeldilýär, ýokary ruhy gymmatlyklaryň ilerledilmegine gönükdirilen giň möçberli terbiýeçilik we aň-bilim işi alnyp barylýar.

Ýurdumyzda türkmen halkynyň ýokary ruhy ýörelgelerine eýerilmek bilen, ilatyň, şol sanda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalara hukuk kepillikleriniň, ykdysady we durmuş çäreleriniň toplumyny öz içine alýan goldaw berilýär.
Türkmenistanda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde, şeýle hem medeniýeti we sagaldyşy, bilim we peýdaly dynç alşy guramak, umumymilli we halkara ölçeglerde dürli döredijilik bäsleşiklerini, şeýle hem Türkmenistanyň çagalar we ýaşlar toparlarynyň halkara bäsleşiklere we festiwallara gatnaşmaklaryny guramak babatda düýpli netijeler gazanyldy. Türkmen mekdep okuwçylary dünýäniň onlarça ýurtlaryndan zehinli ýaşlary ýygnaýan ders olimpiadalarynda, sport bäsleşiklerinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem çagalary yzygiderli sporta çekmek esasynda ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerini has berkitmekden ybaratdyr. Munuň üçin ýurdumyzda ajaýyp şertler döredildi.

Şeýle hem gözel Gökderede we Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri hakda aýtman geçmek bolmaz. Şeýle sagaldyş merkezleri welaýatlarda hem guruldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýerde çagalara köp sanly gyzykly wakalar, duşuşyklar, medeni we sport çäreleri, zehin we döredijilik bäsleşikleri garaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyplaryny ýüze çykarmaklary üçin turuwbaşdan ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi, ozaly bilen, Watanymyzyň, halkymyzyň geljeginiň ykbalyna bolan ýokary jogapkärçilige esaslanýandyr.

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda konsertlere, teatr sahna oýunlaryna, çagalar döredijiliginiň sergilerine, bäsleşiklere, sport we saglyk çärelerine beslendi. Türkmenistanda ilkinji «Aýperi» çagalar dellekhanasynyň açylyşyny hem şu ajaýyp çäreleriň hataryna goşmak bolar. «Aýperi» çagalaryň bu ýerde wagtlaryny şatlykly geçirmegine mümkinçilik berýän maşgala dynç alşynyň merkezi hökmünde hem tanalýar.

Ýurdumyzda irki bilim almagyň öňdebaryjy maksatnamalary ornaşdyrylýan mekdebe çenli ýaşly bilim ulgamy hem giň ösüşe eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, şol sanda sanly bilim ulgamyny ýokarlandyrmak hereketi hem döwlet derejesinde giňden höweslendirilýär. Bu işiň milli konsepsiýasy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlandy.

Binalaryň, ýollaryň we köprüleriň, senagat kärhanalarynyň gurulmagyna maýa goýmak ykdysady üstünliklerimiziň binýadydyr. Ýöne döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, çagalaryň mekdepde we durmuşda üstünlik gazanmaklary, ulalanlaryndan soňra bolsa Watanymyzyň ösüşine we onuň halkara giňişliginde abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşup bilmekleri üçin, ýurdumyzda çagalary geljege taýýarlamagyň binýady hökmünde adam düzümini gurmak has-da möhümdir. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleri, dynç alyş zolaklary gurulýar.

Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş raýatlaryň — biziň arzuwlarymyzyň we bagtyýar geljegimiziň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.