Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Tomusky Olimpiadalaryň taryhy rekordy

Tomusky Olimpiadalaryň taryhy rekordy

Tokioda geçirilýän (Ýaponiýa) olimpiýa oýunlary oňa gatnaşýan zenanlaryň sany boýunça rekord netijäni gazandy. Türgen zenanlar Olimpiada gatnaşýanlaryň umumy sanynyň 48,8 göterimini düzýär. «Togethxr»-iň habar berşi ýaly, bu sanlar tomusky Olimpiadalaryň rekord görkezijisidir.

2016-njy ýylda Ri-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçirilen Olimpiada gatnaşan türgenleriň 55 göterimi erkeklerden, 45 göterimi zenanlardan ybaratdy. Londonda (Beýik Britaniýa) guralan Olimpiýa oýunlarynda hem şoňa meňzeş netije hasaba alyndy (zenanlar 44,2 göterim, erkekler 55,8 göterim).

«7/24.tm»