Soňky habarlar

Zafar Babajanow: «Biziň öňümizde gaty jogapkärli oýunlar bar»

Ozal habar berişimiz ýaly, Türkmenistanyň iki futbol topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyr oýunlaryny geçirmek üçin ýola düşdi. «Türkmenistan Sport» žurnalynyň sport synçysy Merdan Baýadow uly saparyň öň ýanynda «Altyn asyr» toparynyň goragçysy Zafar Babajanow bilen söhbetdeş boldy.

 

— Salam, Zafar! AFK-nyň kubogyna tarap nähili ulag bilen ýola düşýärsiňiz? Uçar, awtobus, otly?

— Salam. Ýalňyşmasam, şu saparyň çäginde şolaryň hemmesi-de bar (gülýär), ýagny Aşgabatdan Türkmenabada uçarly, soň Özbegistanyň Buhara welaýatyna ýörite awtobus bilen geçeris. Buharadan Daşkende otly we ondan Duşenbä ýene uçar bilen aşarys.

 

— Taýýarlyk näderejede? Öňde goýlan maksatlar?

— Taýýarlyk beden we ruhy taýdan ýokary derejede. Nesip bolsa, iň ýokary netijäni maksat edip goýduk. Näme-de bolsa, biz soňky iki gezek toparçadan çykmagy başaran topar, bu ýagdaý hem oglanlara ruhy goldaw berer.

 

— Sizi milli ýygyndynyň hem agzasy hökmünde tanaýarys. Janköýerleri esasy gyzyklandyrýan soraglaryň ýene biri-de, milli ýygyndymyzyň oýunlary. Oňa-da wagt juda az...

— Düşündim, näme diýjek bolýanyňyza. AFK-daky toparçalaýyn oýunlaryny oýnap bolanymyzdan soň, milli ýygyndynyň agzalary bolup, göni daşary ýurda okuw ýygnanyşyna gideris we milli ýygyndynyň oýnuna taýýarlyk göreris. Umuman, biziň öňümizde gaty jogapkärli oýunlar bar. Bize bilimizi berk guşamak gerek.

 

— Onda näme, Zafar, size şol oýunlaryň ählisinde üstünlik arzuw edýärin! Sag-aman baryp-geliň!

  • Sizem sag boluň!