Ata Watanymyzyň ekologiýasyny gorap saklamak bütin dünýäni gyzyklandyrýan meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muňa mysal edip, soňky ýyllarda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Ýurdumyzda «Gök guşak» umumy milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen tokaý zolaklary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylda müňlerçe agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi ýurdumyzda gözel tebigy gurşawy kemala getirmek bilen bir hatarda ekologiýa abadançylygyny saklamaga hem oňyn täsir edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirlendir. Birleşen Milletler Guramasynyň «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň» esasy ugurlarynyň biri hem daşky gurşawy goramak bilen bagly bolup, biziň ýurdumyzda hem ekologiýa meselesine ähmiýet berilýär. Şoňa laýyklykda Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny saklamak, arassa howa gurşawyny döretmek, tebigatyň baýlyklaryna aýawly garamak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna şeýle-de, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýan ýurdumyzda arassa we tämiz daşky gurşawy döretmek bilen bagly meselelere ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak babatda tagallalaryň hatarynda dürli bag nahallaryna ideg işlerini, dürli gülleriň sanynyň artmagyny, seýilgähleriň çäginiň giňeldilmegini görkezmek bolar. Şeýle-de, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri geçirilýändigini bellemek gerek. Baglaryň aşagyny ýumşatmak, haşal otlary aýyrmak, zyýanly zyňyndylaryň ýaramaz täsirini ýok etmek maksady bilen olary ilatly ýerlerden arassalamak ýaly köpçülikleýin işler hem bu günler Diýarymyzda yzygiderli alnyp barylýar.
Şeýle köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaýyş işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şonuň bilen bir hatarda onuň garamagyndaky edara-kärhanalar hem işjeň gatnaşýarlar. Köpçülikleýin arassaçylyk işiniň geçirilýän ýerleri baglary timarlamak, olaryň düýbüni ýumşatmak we agartmak, talabalaýyk suwarmak üçin degişli gurallary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa daş-töweregi abadanlaşdyrmak bilen bagly işlere şahsy goşant goşýan raýatlarymyzy ekologiýa taýdan arassa hem-de owadan ýaşaýyş gurşawyny döretmäge ruhlandyrýar.
Köpçülikleýin ýagdaýynda geçirilýän ýowarlara talyp ýaşlar hem işjeň çekilýär. Munuň özi ýaş nesillerimiziň okuwlarynyň zähmet bilen utgaşmagyna, ene topragymyzyň tebigy gurşawyny abadan saklamaga bolan islegini we hyjuwyny berkidýär. Döwrebap derejede ösdürilýän pederlerimiziň şeýle asylly ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmaga oňyn täsir edýändigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda pürli hem-de saýaly agaçlar möwsümleýin oturdylýar. Netijede, ýurdumyzda tokaý zolaklary emele getirilýär. Ýaşyl zolaklaryň kemala gelmegi bolsa baglara aýratyn idegi talap edýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin arassaçylyk we ideg işleriniň geçirilmeginiň özi tämiz daşky gurşawy döretmekde möhüm orun tutýar. Bu işlere ýaşlaryň çekilmegi bolsa şeýle asylly işi yzygiderli dowam etdirmäge olary ylmy taýdan esaslandyrylan usullar arkaly idetmäge itergi berýär. Şunlukda alnyp barylýan şeýle toplumlaýyn işler hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerinden ugur alýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça alnyp barylýan daşky gurşawy abadanlaşdyrmak bilen bagly işler, döredilýän täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny baýramçylyk lybasyna beslär, sahawatly türkmen topragynyň bolsa gözelligini has-da artdyrar.
Mähri AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň hünärmeni.