Horwatiýaly Mario Manjukiç şikes alyp ýatan wagty özüne düşýän aýlygyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi. Professional sport diýlende ozaly bilen uly möçberli şertnamalar esasynda hak alýan, gepleşik dilinde aýýdanyňda puly gapjygyna sygmaýan türgenler göz öňüne gelýär. Olaryň hemmesi alýan hakyna kybap oýun görkezip ýörenok. Köp hak alyp, az neitije görkezýän oýunçylaryň her golunyň ortaça näçä durýandygynyň hasaplanýan wagtlary hem bolýar. Emma bu aýdylanlar «Milanyň» horwatiýaly oýunçysy Mario Manjukiçe hiç haçan degişli bolup bilmez. Ol 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda finalda çykyş edip, wise-çempion bolmanka hem futbol dünýäsinde giňden tanalýardy. Dünýäniň wise-çempionlygy onuň ozalam az bolmadyk at-abraýyny has-da belende galdyrdy. Netijede, onuň bilen gyzyklanýanlaryň hem hatary artdy.
Slawonski-Brod diýip atlandyrylýan kiçijik şäheriň futbol toparynda hünär ýoluna başlan Mario Manjukiçe «uly futbolçy» bolup ýetişdi. Häzirki wagtda şikesdn saplanyp, «Milanyň» hatarynda meýdança çykyp ugran horwatiýaly oýunçy şikes alyp ýatan aýynda özüne düşýän aýlygyny yzyna gaýtarypdyr. Ol toparyň üstünligine goşant goşup bilmedik aýynyň zähmet hakyndan ýüz öwürmek bilen özüne bolan hormaty artdyrdy.
Bilermenler Mario Manjukiçiň tora saljak gollarynyň däl, gazanýan pulunyň hasabyny ýöredip, onuň 6 aýda «Milanda» 1,8 million ýewro gazanjakdygyny aýdýarlar. Diýmek, ol 300 müň ýewro möçberindäki girdejisini «Milanyň» gaznasyna tabşyrypdyr. «Milanyň» prezidenti Paolo Skaroni horwatiýaly hüjümçiniň çykyş edýän toparyna bildiren hormatyna we professional futbolçy hökmünde görkezen göreldesine mynasyp baha berýändigini aýdýar.
«Milan» futbol klubynyň maliýe taýdan kynçylyga uçran we bilim almak üçin töleg edip bilmeýän ýaşlary goldaýan gaznasy arkaly ýaş nesli goldaýar. Gaznany esaslandyryjylar sportuň köp halatda ýaşlara dogry ýol tapmak üçin çykalga bolýandygyny aýdýarlar. Şeýlelikde, M.Manjukiç bu babatdaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişde goýberýän «Milanyň» futbol toparynyň gaznasynyň üstüni ýetirmäge goşant goşdy.
Soňky ýyllarda durnukly çykyş etmeýänem bolsa, mundan ozal onuň çykyşyna futbol hünärmenleriniň ýokary baha berendigine Massimiliano Allegriniň aýdan sözleriniň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Onuň: «Ýuwentusa» Manjukiç ýaly oýunçylaryň 10-syny alsaňyz Çempionlar ligasynda ýeňiji bolup bereýin» diýen sözleri öz wagtynda dilden dile geçipdi.
Gepiň gerdişine görä aýtsak, futbolçylaryň arasynda Mario Manjukiç ýaly şikesde wagty üçin aýlygyndan ýüz öwren oýunçylaryň az däldigini bellemek gerek.
«Mançester Ýunaýtedde» oýnan döwründe şwesiýaly meşhur futbolçy Zlatan Ibragimowiç özüniň futbol oýnamadyk wagty beriljek aýlygy almakdan saklanypdy.
Lewerkuzeniň «Baýer» toparynyň düzüminde çykyş eden wagty 4 aýlyk möhlet bilen futboldan çetleşdiilende türkiýeli Hakan Çalhanoglunyň aýlyk almandygy bu toparyň janköýerleriniň ýadyndadyr. Ol meýdança çykmaýandygy üçin diňe türgenleşiklere gatnaşyp, munuň üçin bolsa hak almajakdygyny mälim edipdir. Şu ýerde atlary agzalan oýunçylaryň 3-siniňen häzirki wagtda bir toparda, ýagny «Milanda» çykyş edýändigini aýtmak gerek.
Bosniýaly Wedad Ibişewiç «Gertadan» (Berlin) «Şalke» toparyna geçen mahaly aýlyk almakdan ýüz öwürýändigini mälim eidpdir. Ol Bundesliganyň öňdebaryjy toparynyň düzüminde meýdança çykmagyň özi üçin derejedigini aýdyp, diňe utuşlar üçin berilýän goşmaça haklaryň hasabyna oýnajakdygyny düşündiripdir.
«7/24.tm»
Redaksiýadan. Şu makala çapa taýýarlanýan wagty«Şalke» toparynyň Bundesligany terk edýändigi mälim boldy.