Soňky habarlar

Sagdynlygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ynsan saglygyny goramak, daş-töweregimizi gurşaýan ekologiýa abadançylygyny berkarar etmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzda jemgyýetiň baş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny ähli zatdan ileri goýýar.

Her bir ynsanyň arzuwy bagtly bolup, uzak ýaşamak. Munuň üçin adam ilki bilen sagdyn bolmaly. Sagdyn ýaşamagyň esasy ýörelgeleri kadaly iýmit, dynç almak, beden maşklaryny yzygiderli berjaý etmek hem-de wagtly-wagtynda uklamak bilen baglydyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesine her bir adam ýaşlygyndan başlap, ony yzygiderli dowam etdirmelidir. Beden hem-de ruhy arassalygyny hemişe berjaý edip, ýeterlik hereketde bolmaly we kadaly iýmitlenmeli. Gün, arassa howa we suw bedene derwaýys zatlaryň biridir. Arassa suw hem gadymy döwürlerden bäri ençeme dertlere melhem hasaplanypdyr. Çünki suw ýaşaýşyň çeşmesidir.   

Ynsan saglygyna ýene-de bir täsir edýän zatlaryň biri beden hereketi we arassa howadyr. Howa näçe arassa bolsa, ol saglygyň has berk goragçysy bolup hyzmat edýär. Hereket etmek bolsa bedeniňi berkitmäge, ruhuňy galkyndyrmaga, keýpiçaglygyňy ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Saglyga peýdaly hereketler argynlygy aýryp, synalaryň saglygyny dikeldýär. Hut şular nazara alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek we sportda ýokary netijeleri gazanmak döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, hususan-da ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, nesillerimiziň sporta giňden çekilmegi boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Bedenterbiýe we sport ösüp gelýän ýaş nesliň we dürli ýaşdaky adamlaryň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagyna getirýär. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygy barada yzygiderli aladalanýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

Jeýran DURDYBAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň IV ýyl talyby.

Fotokollaž www.yashlar.gov.tm saýtyndan alyndy.