Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebiniň hem-de «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň bilelikde guramagynda žurnalistleriň arasynda II şaşka ýaryşy geçirildi.
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat şäherindäki Küşt we şaşka mekdebinde guralan ýaryşa köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän dürli wezipeli hünärmenler gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemi boýunça erkekleriň arasynda «Türkmen sporty» gazetiniň sport synçysy Bekdurdy Atabaýew ýeňiji boldy. 2-nji orny «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sport synçysy Merdan Baýat eýeledi. Halypa žurnalist Aýdogdy Akmmämedow 3-nji baýrakly orna eýelik etdi.
Şweýsar usulynda geçen bu bäsleşikde tä soňky tapgyra çenli birnäçe adamyň baýrakly orunlara dalaş edendigini bellemek gerek. Olaryň arasynda geçen ýylky ýaryşyň baýrakly ornunyň eýesi Eziz Geldimyradowy («Ahal durmuşy» gazeti), şu ýyl ýaryşa goşulan Kakajan Pirjanow («Türkmen dili» gazeti) bilen Wepa Baýramowy («Nebit-gaz» gazeti) agzamak bolar.
Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda «Ýaşlyk» teleýaýlymyna wekilçilik eden Aýgül Gurbansähedowa ýeňşini baýram etdi. 2019-njy ýyldaky ýaryşyň ýeňijisi Zyba Suhanowa («Miras» radioýaýlymy) 2-nji orna düşdi. 3-nji orun bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Merjen Atagarryýewa degişli.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we «Makul Hyzmat» terjime merkeziniň gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Orazgeldi BAÝRAMOW,
Arslan DENDANOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplary.