Soňky habarlar

Lebap welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen çäreler

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Ilki bilen Türkmenabat şaherindäki Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara ýurduň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanda işleýan diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Naýthart Höfer-Wissing, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral, Birleşen Arap Emirlikleriniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi dagylar çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda tutuş dünýäde türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy bolan ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmanyň artýandygy hem-de biziň «behişdi» bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmäge isleg bildirýänleriň sanynyň köpelýändigi barada belläp geçdiler.

www.mfa.gov.tm