Günüňiz nämeden başlansa, dogry bolar diýip pikir edýärsiňiz? Biziň pikirimizçe, günüňiziň netijeli bolmagy üçin ertiriňi ýöriş bilen başlamak gerek. Çünki, ir-säher bilen entek doly ukudan oýanyp ýetişmedik bedenimizi ýöremäge mejbur edibilsek, birinjiden-ä, keýpimizi çaglamaga, ikinjidenem, pikirlerimizi durlamaga mümkinçilik döreýär.
Bilermenleriň belläp geçmegine görä, irdenki ýöriş adamyň bedeninde bagt gormony bolan endorfinleriň bölünip çykmagyny üpjün edýär. Diýmek, bu biziň özümizi bagtly duýmagymyza kömek eder. Şonuň üçin hem ir säherler geçirilýän ýörişden lezzet almaga çalyşsaňyz, onuň size getirýän peýdasy has-da artar.
Her gün irdenki ýörişimizi öýümiziň töweregindäki seýilgählerde, baglarda geçsek hem bolar. Emma munuň üçin iň amatly ýer Köpetdagyň etegindäki jana şypaly howasy bilen tanalýan Saglyk ýoly bolsa gerek! Şonuň üçin Saglyk ýoluna ýörişler yzygiderli guralyp durulýar.
www.msy.gov.tm