Soňky habarlar

III. Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany

Halkara sport kongresinde Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy tarapyndan Hormatly Prezidentimize «Ýylyň adamy» hormatly derejesi hakyndaky diplomy hem-de Halkara Meýbukan Godzu-Rýu karate-do Assosiasiýasynyň hormatly 10-njy danyň resminamasy, ýörite kimonosy we eýesiniň ady görkezilen gara guşagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu sylag sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň goşandynyň, halkara sport hereketinde Watanymyzyň eýeleýän işjeň ornunyň we onuň olimpiýa hereketiniň beýik ýörelgelerine pugta ygrarlydygynyň, halklaryň arasynda dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sportuň ornunyň ýokarlanmagy ugrunda edýän tagallasynyň ykrarnamasydyr.

«Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresinde kabul edilen Jarnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde ýörite resminamasy hökmünde kabul edildi we ol dünýäniň alty dilinde neşir edildi hem-de guramanyň agza döwletlerine ýaýradyldy. Bu ýörite resminamanyň kabul edilmegi Hormatly Prezidentimiziň sport diplomatiýasynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandynyň hem-de alyp barýan hoşniýetli ynsanperwer syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Agzalan Jarnamada sport dostlugyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli gurallarynyň biri bolup, halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi hökmünde özara ynam we hormat goýmak ýagdaýyny kemala getirmäge hem-de umumyadamzadyň durnukly ösüşi ugrunda dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýmaga uly goşant goşýar diýip, bellenilýär. Şeýle hem, ol resminamada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly sebitleýin we halkara sport çäreleriniň geçirilmegi parahatçylygyň we abadançylygyň nyşany bolup, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmak taglymatynyň ösdürilip, halkara olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilýändigini iş ýüzünde subut edýär, diýip beýan edilýär.

Şeýle hem, 2017-nji ýylda Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi aýratyn aýtmak gerek.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi. Ministrligimiz tarapyndan sport we ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek, ýarşlary sporta çekmek, sportuň täze görnüşlerini açmak hem-de halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Bolgariýa Respublikasynyň we Wengriýa Respublikasynyň ygtyýarly sport we ýaşlar syýasaty boýunça işleri alyp barýan edaralarynyň arasynda «Sport we Ýaşlar syýasaty» ugrunda hyzmatdaşlyk etmek we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bulardan başgada dünýäniň beýleki döwletleriniň ygtyýarly sport we ýaşlar edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn halkara sport hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Ata Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde halkara derejesinde maslahatlar, festiwallar, forumlar we sergiler ýokary derejede geçirilýär.

Aýdylanlara mysal edip, 2019-njy ýylyň 14-15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty hem-de Bilim ministrlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi we ylmy-maslahaty ýokary derejede geçirildi. Oňa daşary ýurtlardan ygtyýarly sport we bilim edaralarynyň, halkara sport guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de daşary ýurt döwletleriň ýokary okuw-mekdepleriň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Beýan edilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde sport ulgamyna degişli iki sany halkara resminamasyna, ýagny Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komiteti bilen Aziýanyň Hokkeý federasiýasynyň arasynda «Özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna», Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Portugaliýanyň «Class Academy» kompaniýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek barada «Özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna» gol çekilendigini aýratyn bellemek bolar.

Şeýle hem, 2019-njy ýylda I Hazar Ykdysady forumy we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geňeşiniň sammiti geçirildi.

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Birinji Hazar Ykdysady forumy ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilip, oňa hut Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde Hazarýaka döwletlerine girýän beýleki döwletleriň hökümet baştutanlygynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu forumynyň geçirilmeginiň taryhyna ser salanymyzda, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň bäş sany Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi taryhy ähmiýetli waka bolmak bilen, Hazaryň mümkinçiliklerini syýasy, söwda-ykdysady we ylmy-barlag maksatlary üçin hyzmatdaşlygyň möhüm guralyna öwürmekde uly orun eýeledi.

Aktau sammitinde (Gazagystan Respublikasy) Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasy strategiýasynyň esasynda durýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Köptaraplaýyn ykdysady gepleşikleri geçirmek üçin hemişe hereket edýän çärä öwrülen Hazar ykdysady forumy kenarýaka döwletleriniň her birinde gezekleýin, yzygiderli geçirilmelidigi, onuň ilkinjisiniň Türkmenistanda geçirilip bilinjekdigi barada bellenildi. Hazar ykdysady forumynyň ilkinji gezek ýurdumyzda geçirilmegi, Hazarýaka ýurtlaryň bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygynyň hem-de birek- birege düşünişmegiň, ynanyşmagyň tassyklamasydyr.

Şeýle hem, bu forumynyň çäklerinde Hazar Innowasion Tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy 2019» halkara awtosergisi ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Ady görkezilen sergä Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň milli pawilýonlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň özüniň sergilik ekspozisiýasy bilen işjeň gatnaşandygyny aýratyn bellemek bolar.

 

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni, Ministrligiň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

(dowamy bar)