Mekdepde jemi 46 topar bolup, 620-den gowrak türgenleri sportuň 4 (futbol, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika) görnüşleri boýunça okuw-türgenleşikleri geçip döwlet we welaýat derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler we sport abraýyny mynasyp goraýarlar. 2019-njy ýylda mekdebimizde döwlet we welaýat derejesinde sport ýaryşlary geçirilip, onda welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, tejribe topladylar.
2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» sport ýaryşlary geçirilýär we bu ýaryşlarda Balkan welaýatynyň, has takygy mekdebimiziň türgenleri üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Biz hem, sport lukmanlary bolup mekdebimizde geçýän sport ýaryşlaryna mekdebimiziň agzybir işgärleri bilen ýokary derejede taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Şeýle hem, ýaryşlarda şikes alan türgenlere ilkinji lukmançylyk kömegini ýerine ýetirýäris. Şular bilen birlikde, mekdebimizde beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil we sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýaş türgenleriň, beden we akyl taýdan fiziologik ösüşlerine yzygiderli gözegçilik edilýär we olar her okuw ýylynyň dowamynda 2 gezek, güýz we ýaz aýlaryna lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär hem-de olara seljerme işleri geçirilýär.
Şeýle hem, mekdebimizde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň saglygyna yzygiderli gözegçilik edilýär, türgenlerde ýüze çykýan keselleri we şikesleri anyklanylýar, bejerilýär we olaryň öňüni alynýar. Bulardan başga-da, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek, türgenleri lukmançylyk taýdan gözegçilik etmek, doping serişdelerini ulanmazlyk we olaryň öňüni almak, sagdyn türgenleri ýetişdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Sportda dopinge garşy göreşi utgaşdyrmak üçin Türkmenistan Bütindünýä dopinge garşy agentligi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk edýär. Bu abraýly halkara sport guramasy bilen alnyp barlan ýygjam işleriň netijesinde, 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň resmi taýdan açylandygyny bellemek gerek. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň lukmanlarynyň we doping ofiserleriň gatnaşmaklarynda doping boýunça okuw-maslahatlary we seminarlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem ýurdumyzyň milli parlamenti tarapyndan her pudagyň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýän hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2017-nji ýylyňK3-nji iýunynda kabul edildi.
Mundan başgada, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (29.08.2013ý.), «Bedenterbiýe we sport hakynda» (23.05.2015ý.), «Professional sport hakynda» (18.08.2015ý.), «Atçylyk we atly sport hakynda» (21.11.2015ý.) hem-de «Meýletinçilik hakynda» (12.01.2016ý.) Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket edýändigini bellemek gerek.
Ýurdumyzda bedenterbiýe we köpçülikleýin sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, şonuň ýaly-da türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmaklyga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn çemeleşmek esasynda amala aşyrylýar.
Döwletimizde ýene-de üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalarynyň biri hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasydyr». Bu Maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminamadyr.
Pursatdan peýdalanyp, biz sport lukmanlaryna alan bilimimizi iş tejribeliginde amal etmek hem-de türkmen sportyny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda döredip berýän giň ajaýyp mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden köp sagbolsun aýdýarys.
Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Jennet GELDIMYRADOWA,
Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň sport lukmany.