Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň bütin dünýäde berkidilmegi raýatlaryň durmuş ýagdaýlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen, aýratyn-da jemgyýetiň ýaş nesliň terbiýesiniň işinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslary bilen tassyklanan täzeçe başlangyçlaryň we iri taslamalaryň ugurdaş alnyp barylmagynyň amala aşyrylmadygydyr.
Döwlet Baştutanymyz şu jähtden ilaty, ilkinji nobatda ýaş nesliň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna aýratyn üns berýär. Arkadag Prezidentiniň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen türkmen halkynyň genofondyny we milletiň saglygyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz işleriniň juda köpdügine garamazdan, ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek we sagdyn kemala getirmek üçin ýurdumyzyň raýatlaryna şahsy görelde görkezýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketleriniň giňden ösdürilmegi mähriban Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady durmuşyň wajyp ugurlarynyň esasy düzüjisi hasaplanylýan sagdyn we ruhy taýdan güýçli nesli terbiýelemek bolup durýar.
Hemmämiz mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, ösüş gelýän nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportyny dünýä derejesinde ýokary derejede götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek maksady bilen tassyklanan «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sport lukmançylygy ugry boýunça hünärmenleriň taýýarlygy ýola goýuldy.
Maňa hem, 2011-nji ýylda mähriban Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berilen Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bilim ojagymyzda biz sport lukmançylygy hünärini ele alyp, 2017-nji ýylda mähriban Arkadagymyzyň biz talyplara bildiren uly ynamyndan ruhlanyp, Uniwersitetiň sport lukmany hünäriniň ilkinji uçurymy boldyk. Şondan soňra öz saýlap alan hünärimizden bir ýyllyk hünär kämilleşdiriş okuwyny (internatura) geçmek üçin Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hazar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň sport lukmany wezipesine zähmet ýoluna başladym.
Soňra, hökmany iki ýyllyk iş tejribesini geçmek üçin Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebiniň sport lukmany wezipesinde zähmet ýoluny dowam edýärin.
Häzirki zähmet çekýän sport mekdebimiz mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli Maksatnamasyna laýyklykda, 2010-njy ýylda açylyp ulanylmaga berildi.
Jennet GELDIMYRADOWA
Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň sport lukmany.
(dowamy bar)