«Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi, ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda belledi.
Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Şonuň üçin hem, bu gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirmek, hukuk taýdan berkitmek we olaryň berk kepillendirmelerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeler girizilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil bilim ulgamy döredildi. Bu ulgam raýatlarymyza häzirki zaman bilimini bermäge we ykdysadyýetimizi ýokary derejeli dürli hünärmenler bilen üpjün etmäge ukyplydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, dünýäde bolup geçýän ählumumy üýtgeşmeler bizden bilim syýasatyna degişli özgertmeleri giňeltmegi, kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi, bu ulgamy maliýeleşdirmegiň hem-de dolandyrmagyň ýörelgelerini, düzümini we beýleki taraplaryny kämilleşdirmegi talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba ýerlerindäki üpjünçilik ulgamlaryny üýtgetmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň bellenilendigini aýtdy. Obalarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady ep-esli berkidildi. Indi obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek meselesini hem çözmelidiris.
Ýurdumyzda bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek hem zerurdyr. Mekdepleriň işini kämilleşdirip, dünýä dillerini düýpli öwredýän mekdeplerden başga-da, tehnologik ugurly orta mekdepleri we ýörite synplary hem döretmelidiris. Bu synplarda inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän, konstruktorçylyk pikirleri bolan zehinli çagalar okamalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Häzirki döwürde matematika ugurly mekdeplere hem möhüm ähmiýet bermeli. Bu mekdeplerde biziň döwrümiz üçin zerur bolan sanly ykdysadyýet hünärleri boýunça düýpli bilim bermek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly işleri geçirmelidir.
Döwlet Baştutanymyz deputatlara ýüzlenip, ilkinji nobatda, milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Türkmen halkynyň ruhy hazynalary häzirki döwürde diňe biziň milli gymmatlygymyz bolmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat baýlygy hem bolup durýar.
Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullaryny işjeň ornaşdyrmaga, dünýä medeniýetiniň iň gowy gazananlary bilen tanyşdyrmaga, mugallymçylyk ugurly ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerimizde türkmen edebiýatyny hem-de milli ruhy mirasymyzy düýpli öwretmäge uly üns bermelidiris. Şol bir wagtyň özünde, bu medeni baýlyklaryň her bir adam üçin elýeterli bolmagyny gazanmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.