Soňky habarlar

Kämil ýaşlar ýagty geljege kepil

Haýsydyr bir ýurduň geçmişini öwrenmek isleseň taryha ýüzlenersiň. Şu gününi biljek bolsaň ol ýurduň syýasaty bilen tanyşarsyň. Şol ýurduň geljegini görmek isleseň, onuň ýaş neslini tanamak ýeterlikdir. Çünki her bir täze nesil öz ýurdunyň ösüşi, güýç-kuwwatydyr. Şonuň üçinde biziň ýurdumyzda ýaş nesli ähli taraplaýyn kämil edip ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

 Ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläkde artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa hemişe täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Bu häsiýetleriň ählisini özünde kemala getirmek isleýän ýaşlar bu gün sporty dost tutunýarlar.

Bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde milli Liderimiziň alyp barýan işleri bolsa ýaşlara aýratyn bir görelde mekdebi  bolup durýar. Ýaşlar indi bir wagtda ruhubelentlik, sagdynlyk, işjeňlik ýaly endikleri kemala getirýän bedenterbiýäni we sporty saýlaýarlar.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň golaýda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda «Ýaşlarymyzy özüne köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýan milli sportumyzy we bedenterbiýämizi mundan beýläk-de ösdürmeli. Şu maksat bilen, iň täze, has kämil usullary we tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmaly» diýip, tabşyryk bermegi hem bu ulgamda alnyp barylýan işleriň depgininiň gün saýyn ösýänliginiň nyşany bolup durýar.

Saglygyň we sportuň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrülmegini isleýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen indi Watanymyz sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Sport ýöne bir ýaryş däldir. Ol parahatçylygyň, dostlugyň, agzybirligiň, jebisligiň ilçidir.

  Gunça GURBANMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.