Soňky habarlar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Olimpiýa saýlama ýaryşynyň medallaryny gazanýarlar

  Şu günler Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde Tokioda guraljak tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşy bolup durýan bu bäsleşikde Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş edýär.

2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda badalga alan bu bäsleşigiň ilkinji günleri ildeşlerimiz ençeme gezek hormat münberine çykdylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa 49 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp 72 kg. götermek bilen kümüş medal eýeledi. Ol itekläp götermekde 96 kg. agrama hötde gelip, altyn medal gazandy. Umumylykda 168 kilogram göteren Ý.Jumabaýewa kümüş medalyň eýesi boldy.

Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew  61 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp 130 kg. göterdi. Şeýlelikde, ol bu görnüşde altyn medal gazandy. Ol itekläp götermekde 150 kg. görkeziji bilen 4-nji orna düşdi.  Umumylykda 280 kilogram göteren S. Mirzaýew ýaryşy bürünç medal bilen jemledi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa bürünç medallaryň 3-sini gazandy. 55 kg. agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz silterläp 85 kilogram, itekläp 110 kilogram götermegi başardy. Onuň umumy görkezijisi 195 kilograma deň bolup, 3 görnüşde hem hormat münberiniň 3-nji gatyna çykdy.  

 Daşkentde dowam edýän 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty 2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda tamamlanar. Bu ýaryşa 37 döwletden 116 türgen gatnaşýar.

www.msy.gov.tm