Soňky habarlar

Daglar ýöwselleri söýmeýärler ýa-da «Žurnalistika hoş geldiňiz!»

Žurnalistika diýilse, adatça göz öňümize gazetdir žurnal, telewideniýedir radio gelýändir. Olaryň üstüne habarlar agentlikleri bilen fotožurnalistikany hem goşanyňda-da üýtgeýän zat ýokdur. Barybir žurnalistikany suratlandyrmakda bärden gaýdarys. Ýöne näderejede jogapkärlidigini aýdyp aňyrsyna çykyp bolmajak bu hünäri bir söz bilen aňlatmaly bolsa, «Žurnalistika dünýäsine hoş geldiňiz!» diýerdim.

Eger-de, ony hünär däl-de, ykbal hökmünde kabul etmedik bolsaň, bu pikir öwürmeleriň adaty düzmeden ýa-da sözlemleriň toplumyndan kän bir tapawudynyň bolmajakdygynam aýdaýyn. Islendik hünärde kämillige ýetmek üçin «seni ykbalym saýdym» duýen jümläniň ýörgünli bolmalydygy hem düşnüklidir.

Dünýäniň 8 müň metrlik daglarynyň hemmesiniň diýen ýaly çür depesine çykyp görmek bilen dünýä rekordyny goýan alpinistiň: «Daglar ýöwselleri söýmeýärler. Sähelçe göwnüňe çiglik gitdigi şowsuzlyga uçrajakdygyňy biläý. Turuwbaşdan iň kert gaýalary hem boýun egdirjekdigiňe ynanmadyk bolsam, rekordam goýulmazdy. Meni hiç kim tanamazdam» diýen sözleri gulagymda ýaňlanyp dur. Ýogsam, men ony diňläp görmedim, diňe žurnallaryň birinde çap edilen şöhbetdeşligini okapdym.

Žurnalistikany hem başdan boýun egdirjekdigiňe ynanmasaň, golaýyndan barmak maslahat berilmeýän belent dagdan kän bir tapawutlandyrmaýaryn. Dünýäniň ünsüniň Türkmenistana, ata Watanymyzdaky özgerişliklere gönügen zamanynda habar beriş serişdeleriniň hem işiniň döwrebap we kämil bolmalydygy döwrüň öňümizde goýan möhüm wezipeleriniň biridir. «Žurnalistika hoş geldiňiz!» diýen jümläni sözbaşy hökmünde ulanmagymyzyň düýp sebäbi hem bu hünäri saýlap-seçen ýaşlaryň ony ykbalyna öwürmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Türkmen žurnalistikaşy diýlende anyk awtorlaryň, halypalaryň göz öňüne gelmegi üçin ilki uly ýaşly nesliň öz üstünde işlemegi, hususanda döwrebap tehnologiýalara ezber bolmagy we halypa hökmünde ýaş nesle görelde görkezmegi gerekdir. Žurnalistika hünärinden bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň ençemesinde işläp gören we ýaşlar bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýan adam hökmünde öwrenmekden ötri, öwreneniňi öwretmegiň has kyndygyna göz ýetirdim. Munuň özi halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmekde ozaly bilen biziň özümiziň tijenmelidigimizi aňladýar. Bu günki ýaşlarymyzdan bolsa hünär hökmünde saýlap alan kärini bütin ömrüniň manysyna öwürmegi möhüm şert bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda geçiren iş maslahatynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda öňümizde goýan wezipeleri şu ýazgylary okyjylar bilen paýlaşmagymyza sebäp boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyz hemişe nesil terbiýesine möhüm ähmiýet beripdir. Şunlukda, olar çaganyň halal zähmetiniň üsti bilen terbiýelenilmegini, oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň özüne mahsus, tebigatyna laýyk gelýän hünärleri saýlap almagyny esasy ugur edinipdirler.

Bize bolsa owalbaşda hünär saýlamak barada mesele gozgalanda žurnalistika sary barmagyňy çommaltmazdan ozal, ýagşy oýlanmak gerekdigini derhal ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki öz tebigatymyza laýyk gelýän hünär bizi beýgelder, şol bir wagtda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri uly buýsanç bilen beýan etmegi kepillendirer.

Milli Liderimiziň habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde goýan belent maksatlaryna bütin düýrmegiňiz bilen düşünen bolsaňyz, onda «Žurnalistika hoş geldiňiz!»

 

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

29.01.2020.