Soňky habarlar

Halypalaryň halypasy

Durmuşda şeýle bir adamlar bolýar. Olar bütin ömrüni öz saýlap alan kesp-kärine bagyş edýär. Şeýle adamlaryň biri hem Bäherden etrabynyň Deşt obasynda önüp-ösen boks boýunça milli derejeli emin Orazgeldi Çarýarowdyr. Gojaman daglaryň goýnunda orun tutan Deşt obasy Bäherden etrabyndan günorta tarapda, 120 km uzaklykda ýerleşýär. Asyrlaryň şaýady be-lent daglaryň jana şypa howasyndan dem alyp ulalan hem-de obadaky orta mekdebi tamamlan Orazgeldini ykbal paýtag-tymyz Aşgabada getirdi. Has takygy, ol 1964-nji ýylda häzirki A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girdi we ony 1968-nji ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamlady.

Okuw döwründe gelejekki halypa ýeňil atletika bilen meşgullanyp başlady we bu ugurda birnäçe üstünlikleri hem gazandy. Şeýle-de bolsa, ol soňlugy bilen boksy saýlady. Okuwyny häzirki Magtymguly adyndaky TDU-nyň şol wagtky bedenterbiýe bölüminde dowam etdiren hem-de boks ýaryşlaryndaky ýeňişleri, guramaçylyk ukyplary bilen tapawutlanan Orazgeldi Çarýarowy 4-nji ýyl talyp dö-wründe tälimçilige işe çagyrýarlar. Okuwyny tamamlan soň hem iki ýyl tälimçi bolup zähmet çekýär. Emma maşgala ýagdaýy sebäpli 1974-nji ýylda dogduk mekany bolan Deşt obasyna dolanmaly bolýar.

Biregne 42 ýyl obalaryndaky 18-nji orta mekdepde bedenterbiýe mugallymy bolup zähmet çeken halypa 2009-njy ýylda hormatly dynç alşa çykdy. Emma gol gowşuryp oturmak Orazgeldi aga häsiýetli däldi. Muny onuň tiz wagtdan ýene boksa dolanmagy-da, has takygy, obalarynda boks toparyny açmagy-da aýdyň görkezýär. Muňa mümkinçilik döreden Bäherden etrap häkimliginiň ýolbaşçylaryny Orazgeldi aga häzir hem hormat bilen ýatlaýar. 2012-nji ýylyň 1-nji noýabry. Bu sene kalby deştli, saýwanly çagalaryň köp sanlysyny sporta çekmek höwesi bilen püre-pür halypa üçin ýatdan çykmajak pursaty bagyş etdi. Ol şol wagtky Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine çagyrylýar. Söhbetdeşlikden soňra, Deşt obasyndaky boks topary hasaba alynýar we Orazgeldi aga Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň düzüminde tälimçilik işini dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, deştli boksçular etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başlaýarlar. Häzirki wagtda olaryň onlarçasy 1-nji derejeli türgen-lerdir. Halypa şägirtleriniň soňky ykballary bilen hem gyzyklanýar. Deştden 10 km uzaklykdaky Saýwan obasyndan boksa gatnan Ýusup Şyhymgulyýewiň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Bagtyýar Mämmedowyň Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň talyby bolandyklaryny halypa buýsanç bilen gürrüň berýär. Şeýle-de, Deşt obasyndan Aýnazar Begenjow, Hudaýberen Hudaýberenow, Mergen Mollaýew, Merdan Orazgeldiýew dagy Ahal welaýatynyň çempionlary bolmak bilen, döwlet derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeleýän türgenlerdir. Şonuň bilen bir wagtda Orazgeldi Çarýarow ýurdumyzda geçirilýän boks ýaryşlarynyň hem iň tejribeli eminleriniň biridir. Ol Olimpiýa şäherçesinde ulularyň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän ýokary derejedäki ýaryşlara eminlik edýär. Orazgeldi aga häzir 8-nji onlugynyň içinde. Onuň ýigitlikden bäri hemrasy we ömürlik ýanýoldaşy Kümüş daýza hem zähmet ýoluny mugallymçylyk ýaly sogap işe bagyş etdi. Ol hem häzir hormatly dynç alyşda. Olaryň dört ogly we bir gyzy bar. Ogul perzentlerden Merdan Çarýarow boks boýunça Hazar şäherinde geçirilen ýurt çempionatynyň ýeňijisidir.

Olimpiýa şäherçesinde geçirilen ýaryşlaryň birinde Lebap welaýatyndan gelen tälimçi, sport ussady Bagtyýar Durdyýewiň «Orazgeldi aga ýurdumyz boýunça boks eminleriniň iň ýaşulusydyr. Ol bizden hiç wagt hem öz maslahatlaryny gysganmaýar. Bu günki gün özümiz halypalyga ýetişdik. Emma biz Orazgeldi agany halypalaryň halypasy hökmünde tanaýarys» diýmegi-de, halypanyň uly hor-mata hem-de belent sarpa eýediginden nyşandyr.

Bize bolsa halypalaryň halypasy Orazgeldi aga alyp barýan işinde uzak-uzak ýyllar üstünlik gazanmagyny arzuw edäýmek galýar.

Muhammet ATAÝEW,

 Surata düşüren awtor.