Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi, onuň halkyň gündelik ýörelgesine öwrülmegini gazanmagy ýurt syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde umumybilim berýän orta mekdeplerde bedenterbiýe sapaklarynyň hepdelik sanyny üç okuw sagadyna çenli artdyrmak barada teklibi hem ilatyň, hususanda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy hakda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň ýene bir ýüze çykmasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçen maslahat hem döwletimiziň raýatlarynyň saglygyny ýurduň baş baýlygy hasaplaýan mähriban Arkadagymyzyň öňe süren bu başlangyçlaryny durmuşa geçirmekligiň türkmen jemgyýeti üçin ähmiýeti dogrusynda boldy.
Maslahata gatnaşan bilim, medeniýet, saglyk we sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri we bilim ojaklarynyň mugallymlary mähriban Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän teklibiň kompýuter zamanasynyň ählumumy meselesi bolan az hereketlilik sebäpli ýüze çykýan näsaglyklaryň öňüni almakda, ösüp gelýän ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakda iňňän wajyp ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
Çaryýar SILAPOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiri.