Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň, hususanda ösüp gelýän ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen türgenleriniň halkara derejelerine gabat gelýän stadionlarda, sport meýdançalarynda, sportuň suw görnüşleri üçin niýetlenen howuzlarda, tennis kortlarynda, sport toplumlarynda öz ussatlyklaryny kämilleşdirmek, tejribe toplamak, sportuň dürli görnüşlerini özleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasat, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyndan hem-de hemişelik Bitaraplygyndan gözbaşyny alyp gaýdýan «açyk gapylar» syýasaty, Türkmenistana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, şol sanda täze sport desgalaryny gurmaga, milli ýaryşlary geçirmäge hem-de türgenlerimiziň ýurdumyzyň çäginden daşarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Biz, türkmen sport žurnalistleri «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň sahypalarynda Türkmenistanyň sport durmuşy, milli birinjilikler we halkara ýaryşlary, türkmen türgenleriniň gazanan sport üstünlikleri hem-de görkezen ýokary netijeleri barada yzygiderli, gyzgyny bilen habar bermäge çalyşarys.
Bu gün Türkmenistanyň sport dünýäsi 2020-nji ýylda Tokkio-da geçjek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Türgenlerimize sportuň, juwanlygyň hem-de parahatlçylygyň bu bütindünýä forumynda täze üstünlikleri arzuw edýäris. Ähli türkmen halkymyz bu ýaryşlarda mähriban Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Baýdagynyň ýokary göterilip, al-asmanda parlamagyna uly umyt bilen garaşýar.
www.msy.gov.tm