Häzirki wagtda sport Türkmenistanda iň çalt ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Muny ýurdumyzda halkara ýaryşlarynyň geçirilişinden, türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda gazanýan ýeňişlerinden, daşary ýurtlar bilen amala aşyrylýan sport hyzmatdaşlygyndan hem görmek bolýar.
«Türkmenistan—rowaçlygyň Watany» ýylynyň, ýagny 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň döredilmegi türkmen sportunyň abraý-mertebesini dünýä ýaýmaga ajaýyp mümkinçilik boldy.
Gysga wagtyň içinde okyjylaryň söýgüsini gazanan bu halkara žurnal indi howa gämileri arkaly uzak ýola sapara barýan ýolagçylaryň hem ýakyn hemrasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýerli we halkara gatnawlarynda ýerleşdirilen «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly uçuş wagtynda ýolagçylary ýurdumyzyň we dünýäniň sport wakalary, gyzykly makalalary, sport ýyldyzlarynyň söhbetleri, edebi-çeper materiallar bilen tanyşdyrar.
Žurnaldaky materiallaryň 3 dilde (türkmen, rus, iňlis) ýerleşdirilmegi bolsa onuň okyjylarynyň hataryny artdyrar.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara sport žurnalynyň halkara uçarlarda orun almagy daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen sportuny ösdürmek barada alyp barýan taýsyz tagallalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Şirin ŞIRLIÝEWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär kätibi.