Soňky habarlar

Bangladeşli halkara derejeli tälimçi Aşgabatda boldy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, degişli federasiýalaryň bilelikde guramagynda türgenlerimiz daşary ýurtlarda sportuň islendik görnüşi boýunça okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda bolýarlar. Halkara derejeli tälimçiler ýurdumyza gelip, türgenlerimiziň ussatlyk derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda iş alyp barýarlar.

Bangladeş Halk Respublikasyndan halkara derejeli tälimçi Muhammetnur Alom Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgenleri bilen okuw-türgenleşigini geçirmek maksady bilen paýtagtymyza geldi. Indi birnäçe gün bäri Olimpiýa şäherçesindäki sport toplumlarynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport meýdançasynda halkara derejeli tälimçi türgenlerimiziň başarnygyna ýokary baha berýär.

— Özüm birnäçe ýyl bäri Bangladeşiň ýetginjekleri taýýarlaýan sport mekdebinde tälimçi bolup zähmet çekdim. Häzirki wagtda bolsa çagalar sport mekdep-internatynda tälimçi bolup zähmet çekýärin. Ýaý atyjylyk boýunça geçirilen ýaryşlaryň onlarçasynda çempion bolmagy başardym. Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Iordaniýa, Taýland ýaly döwletlerde okuw-türgenleşiklerinde, iş saparlarynda boldum. Nygtamakçy bolýan zadym, şol ýurtlaryň hiç birinde Aşgabatdaky ýaly sport görnüşlerine bagyşlanan şäherçä duş gelmedim.

Häzirki wagtda Aşgabat iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Muny bütin dünýä ykrar edýär. Öňümizdäki ýyllarda türkmen paýtagtynda birnäçe halkara ýaryşlar geçiriler. Sport arkaly parahatçylygy alyp barýan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip, Muhammetnur Alom belläp geçdi.

Biz myhmanyň türgenlerimiz bilen okuw-türgenleşigini geçýän pursady Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň tälimçisi Wepa Sähedow bilen gürrüňdeş bolanymyzda ol bize şeýle gürrüň berdi: «Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklary netijesinde başarjaň ýaş türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, birnäçe işleri durmuşa geçirýäris. Häzirki wagtda Daşoguz we Mary welaýatlarynda hem ýaý atyjylyk sporty bilen, gyzyklanýan ýaşlaryň sany artyp başlady. Ýakynda ýaý atyjylyk sporty boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Şol ýaryşa çagalaryň arasynda toparlaýyn Daşoguzly türgenleriň ýeňiji bolmagy demirgazyk welaýatyndan bolan ýaşlaryň sportuň bu görnüşi boýunça gün-günden kämilleşýändiginden habar berýär.

Bangladeşden gelen halkara derejeli tälimçiden federasiýamyzyň türgenleri köp zatlary öwrendiler. Uzak aralykdan nyşana dürs atmagyň inçe syrlaryny, ýaýy eliňe alanyňdan ony dogry we dürs saklamagy, ýaýçy türgeniň sport lybasyna üns bermelidigini, ok atanyňda tolgunmazdan, ünsüňi bir ýere jemlemegi öwretdi. Bize bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.»

«Türkmen sporty» gazeti (02.11.2019)

Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.