28-nji awgustda paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, şeýle-de, Welosport federasiýasynyň bilelikde guramagynda şosse boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyry geçirildi. Şosse ýaryşynyň her bir güni gyzykly we çekeleşikli pursatlara baý boldy.
Üç gün dowam eden bäsleşigiň iki güni Arçabil – Çandybil şaýollarynyň aralygynda geçirilip, onuň ilkinji gününde ýetginjekler 15 kilometr, ulular 30 kilometr aralygy ýekelikde geçdiler. Türgenleriň her biriniň görkezen wagty aýratynlykda hasaba alyndy.
Ýaryşyň ikinji güni bäsleşikler toparlaýyn ýagdaýda geçirildi. Onda ýetginjekler 35, ulular 80 kilometr aralyga bäsleşdiler. Uzak aralyga geçilen ýol çydamlylygy talap edýär. Bäsleşige gatnaşyjylar bu aralygy aňsatlyk bilen geçdiler. Bu bolsa olaryň türgenleşik taýýarlygynyň ýokarydygyndan habar berýär.
Ýaryşyň üçünji gününde türgenler aýlawly meýdançadan 15 gezek öwrüm etmek boýunça bäsleşdiler. Şeýlelikde, 15 kilometr aralykda ýekeleýin geçirilen ýaryşda oglanlaryň arasynda 5-nji sport mekdebiniň türgeni Gadam Köşüliýew, gyzlaryň arasynda bolsa paýtagtymyzdaky 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Amangeldiýewa ýeňiş gazandy. Ulularyň arasynda 30 kilometr aralykda Babageldi Seýitnazarow 1-nji orny eýelemegi başardy. Toparlaýyn geçirilen ýaryşda ýetginjekleriň arasynda 5-nji sport mekdebiniň türgeni Begenç Hudaýgulyýew, 80 kilometr aralykda geçirilen ýaryşda bolsa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgeni Mahmut Aşyrow öňdäki orny eýelediler. Şol mekdebiň ýene bir türgeni Saýlaw Gylyjow aýlawly meýdançadan 15 gezek öwrüm etmek boýunça geçirilen ýaryşda tapawutlanmagy başardy.
Ýeňiji bolan türgenlere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, medallar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň arasynda şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi türkmen welosipedçileri üçin 2021-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatyna özboluşly taýýarlykdyr.
«Türkmen sporty