Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň we Spartakiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.
Resmi bölümden soň institutyň döredijilik toparlary çärä gatnaşyjylara aýdym-sazly we tansly çykyşlary sowgat etdiler.
Soňra dzýudo, sambo, boks, karate, gandbol, basketbol, futbol we gimnastika boýunça görkezme çykyşlary bilen dowam etdirilen maksatnama sportuň dürli görnüşleriniň özüneçekijiligini açyp görkezdi.
Şu ýylky Uniwersiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeleriniň 23-siniň talyplaryny bir ýere jemleýär. Tassyklanan düzgünnama laýyklykda, talyp ýaşlar sportuň 23 görnüşi boýunça güýç synanyşarlar.
Başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän Spartakiada 24 bilim edarasyny öz içine alýar.
Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Spartakiada bolsa 140-dan gowrak bilim edarasynyň gatnaşmagynda guralýar.
Öňde ýurdumyzyň ýaşlaryna toparlaýyn we şahsy hasaplarda gyzykly hem-de çekeleşikli ýaryşlar garaşýar. Bu sport baýramynyň täze zehinleri ýüze çykaryp, geljekde halkara sport arenasynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etjek türgenleriň kemala gelmegine giň ýol açjakdygyna ynam uly.