Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Samarkantda geçirilen Olimpiadada kümüş medallara mynasyp boldular

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Samarkantda tamamlanan 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda reýting boýunça «B» derejesinde kümüş medallara mynasyp boldy. Türkmen küştçi gyzlarynyň bu üstünligi 11-nji, jemleýji tapgyrda 32-nji belgide ýer alan Belarus Respublikasynyň ýygyndysyny 3,5:0,5 hasabynda ynamly ýeňmegi bilen kesgitlendi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Zenanlar milli ýygyndysy üçin bu yzly-yzyna gazanylan ikinji Olimpiýa medaly boldy. Iki ýyl ozal Budapeştde geçirilen Olimpiada-da türkmen küştçi gyzlary reýting boýunça «C» derejesinde altyn medal gazanypdylar. Şol üstünligiň netijesinde olar reýtingde ýokary galyp, has güýçli «B» derejesine geçirildiler.

«B» toparynda birinjilik ugrundaky göreş iň soňky tapgyra çenli dowam etdi. Türkmenistan bilen Horwatiýa ýygyndylarynyň ikisi-de 14 utuk toplady. Emma goşmaça görkezijiler boýunça altyn medal horwatiýaly küştçi gyzlara berildi. Bürünç medallara bolsa Özbegistanyň ikinji ýygyndysy mynasyp boldy.

Zenanlar ýaryşynyň umumy jeminde başlangyç sanawda 55-nji belgide duran Türkmenistanyň ýygyndysy 190 toparyň arasynda 33-nji orny eýeledi. Milli topar 6 ýeňiş, 2 deňme-deňlik we 3 ýeňliş bilen çykyş etdi. Zenanlar ýaryşynda baş baýraga Hytaýyň ýygyndysy mynasyp boldy, kümüş medaly Gazagystanyň, bürünç medaly bolsa Hindistanyň ýygyndysy gazandy.

Şahsy netijeler boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda iň gowy görkezijini Mähri Agamyradowa görkezdi. Ol dördünji tagtada mümkin bolan 10 utukdan 7,5 utuk toplap, ýaryşdaky 2253 görkezijä ýetdi we öz reýtingine 160-dan gowrak utuk goşdy. Bu netije oňa FIDE-niň zenan ussady (WFM) derejesiniň normatiwini hem-de zenanlaryň arasynda halkara ussady (WIM) derejesiniň ilkinji normatiwini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ýaryşy 12 utuk bilen – 5 ýeňiş, 2 deňme-deňlik we 4 ýeňliş bilen tamamlan Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy toparyň kapitany, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda 206 toparyň arasynda 64-nji orny eýeledi. Şeýle-de Amanmuhammet Hommadow 11 oýunda 6 utuk toplap, halkara ussady (IM) derejesiniň üçünji we jemleýji normatiwini ýerine ýetirdi. Bu netije FIDE tarapyndan resmi taýdan tassyklanmagyna garaşýar.

Olimpiadanyň açyk ýaryşynda baş baýraga Özbegistanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Kümüş medallary Hindistanyň, bürünç medallary bolsa Germaniýanyň ýygyndysy gazandy.

Indiki 47-nji Bütindünýä küşt Olimpiadasy 2028-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçiriler.