Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy dabaraly bellenildi

Türkmenistanda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy giňden bellenildi. Şanly senä bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, ösüşleriniň we abadançylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Baýramçylyk maksatnamasynyň esasy bölegi Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Türkmenistanyň baş döwlet baýramy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentini uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler. Soňra ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, şeýle-de ýaşajyk artistleriň çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, baýramçylyk maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler geçdi. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar.

Şanly sene mynasybetli çäreler «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi.

Dabaralar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda guraldy.

www.tdh.gov.tm