2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby öz meýdançasynda AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň deslapky tapgyrynyň çäklerinde Hindistanyň «Goa» futbol kluby bilen duşuşar. Oýun «Arkadag» stadionynda geçiriler.
Aziýanyň klublaryň arasyndaky ýaryşlarynyň ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmek hukugy ugrunda Türkmenistanyň çempiony Hindistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi «Goa» bilen bäsleşer. Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, duşuşykda ýeňiş gazanan topar AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma alar, ýeňilen topar bolsa halkara futbol möwsümini AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda dowam etdirer.
Aziýanyň klublaryň arasyndaky ýaryşlarynyň täze möwsüminde Türkmenistanyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda wekilçilik etjekdigi eýýäm kepillendirildi. Bu hukuk 2025-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda kümüş medal gazanan «Ahal» klubyna degişli bolup, ol ýaryşa göni ýollanma aldy.