2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň arasynda duşuşyk boldy. Bu barada HHM habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, Pakistanyň ilçisi türkmen tarapyna 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin ýörite öndürilen "Trionda" atly resmi futbol toplaryny sowgat berdi. Bu sowgat sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň we dünýä birinjiligi döwründe agzybirligiň nyşanyna öwrüldi.
Hanym Farýal Legari şeýle hem ýokary derejeli tapgyrdaky şeýle topuň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Guwançmuhammet Öwekowa milli futboly ösdürmäge goşan uly goşandyna hormat goýmagyň nyşany hökmünde gowşurylandygyny habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň türgenleriniň arasynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramaga özara gyzyklanma bildirip, şeýle başlangyçlaryň iki doganlyk halka arasyndaky sport gatnaşyklaryny berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam etjekdigini nygtadylar.