Ildeşlerimiz Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäherinde geçirilen bilbagly we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 9 medal gazandylar. Bilbagly göreş boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 3 bürünç, guşakly göreş boýunça 3 altyn we 3 bürünç medala mynasyp boldular.
Guşakly göreşiň erkin usuly boýunça Şatlyk Durdygulyýew (68 kilograma çenli), Hekim Täşliýew (100 kilograma çenli), Annagurban Allaberdiýew (100 kilogramdan ýokary) hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdylar. Pälwan Babajanow 57 kilograma, Hekim Nurberdiýew 62 kilograma, Myrat Janmämmedow bolsa 82 kilograma çenli agram derejelerinde bürünç medallary gazandylar. Bu ugur boýunça ýaryşa 15 döwletden 200-den gowrak türgen gatnaşdy.
Bilbagly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda Hekim Täşliýew 100 kilograma, Hojanazar Annaýew 75 kilograma, Batyr Hemraýew bolsa 82 kilograma çenli agram derejelerinde bürünç medallara eýe boldular. Ýaryşda 10 döwletden 200 türgen çykyş etdi.
«Türkmen sporty» gazeti