Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gimnastika boýunça halkara ýaryş geçirildi. Oňa 6 ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Netijede, ildeşlerimiz 10 altyn, 8 kümüş we 1 bürünç medallary gazandylar.
Ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebiniň türgenleri Mahym Gurbanowa, Aýgül Geldiýewa, Aýlar Muhammedowa, Maýagözel Amanowa, Abadansoltan Amanowa, Ketrin Lewsowa, Iliana Tokarowa, Aýlin Gurbanmämmedowa dagy dürli derejeli medallara mynasyp boldy. Olary tälimçi Dünýägözel Ataniýazowa taýýarlady.
Halkara ýaryşlarda gazanylan şeýle uly üstünlikler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem türgenlerimiziň dürli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrmak bilen, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyna şaýatlyk edýär.
«Türkmen sporty» gazeti