Ýakynda Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl sebitinde armrestling we para-armrestling boýunça Aziýa çempionatlary geçirildi. Ýaryşa Aziýanyň 17 döwletinden 500-den gowrak türgen gatnaşdy.
Ildeşlerimiz bu bäsleşikde dürli derejeli medallara mynasyp boldular. Röwşen Çopanow, Wepa Ezizmuhammedow, Azim Nurmuhammedow hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Şeýle hem Ahmet Pirogow bürünç medal eýeledi.
Çempionatyň çäginde geçirilen maslahatda ildeşlerimiz Ahmet Pirogow we Röwşen Çopanow halkara derejeli emin hökmünde tapawutlanyp, Hindistanda geçiriljek dünýä çempionatynda eminlik etmäge hukuk gazandylar.
«Türkmen sporty» gazeti