Aşgabatly Şaapbas Esgerow Wýetnamyň Da Nang şäherinde erkin göreş boýunça geçirilen 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy. «Olimp» orta sport mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy bu üstünlige 80 kilograma çenli agram derejesinde eýe boldy.
Bu ýaş türgen üçin halkara ýaryşlaryndaky ilkinji üstünlik boldy. Ol bu abraýly bäsleşige erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş baýrakçysy Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda taýýarlandy.
«Türkmen sporty» gazeti