Erkin göreşiň türkmenistanly ussatlary Wýetnamyň Danang şäherinde 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 4 medal — 1 altyn we 3 bürünç medal gazandylar.
Aşgabatly halkara derejeli sport ussady, 19 ýaşly Alp Arslan Begenjow ilkinji gezek şu ýaş derejesinde Aziýanyň çempiony boldy. Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby bu uly üstünligi 86 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde medallar ugrunda 10 pälwan bäsleşdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary Döwletgeldi Myradow, Soltan Sanjar Begenjow we Azatberdi Aşyrgulyýew bürünç medallaryň 3-sini gazandylar. Döwletgeldi Myradow 92 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Üçünji orun ugrunda geçirilen tutluşykda ol Özbegistandan Sadirdin Daminjonowy 3:0 hasabynda ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy. Soltan Sanjar Begenjow 79 kilograma çenli agram derejesinde göreşdi. Bürünç medal ugrunda geçirilen duşuşykda ol wýetnamly Wan Tu Nguýeni 14:3 hasabynda ynamly ýeňdi. Azatberdi Aşyrgulyýew bolsa 61 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, filippinli Heýden Ançetany 14:2 hasabynda ýeňmek bilen bürünç medal eýeledi.
Geçen ýyl Wýetnamyň Wungtau şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky (U23) Aziýa çempionatynda hem türkmen pälwanlary 4 medal — 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanypdylar.