Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary ähmiýetli çäreleriň merkezine öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini barkarar etmekde hem-de bedenterbiýäni gündelik hemrasyna öwren ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi mekdep okuwçylaryndan başlap, uly ýaşly ildeşlerimiziň hem sportdaky başarnyklaryny we mümkinçiliklerini görkezmegine şert döredýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda hem bu sport baýramçylygy Watanymyzyň sport durmuşyna özboluşly many-mazmun çaýdy. 30-njy aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň Köpugurly sport toplumynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryny sylaglamak dabarasy ýokary guramaçylykly geçirildi. Ady agzalan sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryna Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Partiýasynyň sowgatlary, medallary, kuboklary hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu ýyl «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol, küşt, düzzüm, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, türkmen milli göreşi) görnüşi boýunça ýaýbaňlandyryldy. Dartgynly geçen ýaryşlaryň netijesinde Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji orny eýelese, Daşoguz welaýaty ikinji, Ahal welaýaty üçünji boldy.

Hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolsa sportuň 13 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, kiçi futbol, basketbol 3x3, küşt, şaşka, düzzüm, armlestling, stoluň üstünde oýnalýan tennis, milli göreş, woleýbol, tigir sürmek, tanap çekmek) görnüşi boýunça bäsleşdiler. Şunlukda, Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary öňdeligi elden bermedi. Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary ikinji, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bolsa sportuň 21 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, woleýbol, sambo göreşi, milli göreş, küşt, şaşka, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, grek-rim göreşi, erkin göreş, futbol, futzal, gandbol, badminton, basketbol, tennis, bilýard, tigir sürmek, dzýu-do göreşi, armrestling) görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu bäsleşikler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy toparynyň ýeňşi bilen jemlendi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ikinji bolsa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýygyndy topary öňdäki üçlügi jemlemegiň hötdesinden geldi. Mundan başga-da ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň sportuň 7 (woleýbol, badminton, suwda ýüzmek, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, kiçi futbol) görnüşi boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bäsleşikleri sportuň 9 (woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, stol tennisi, tennis, suwda ýüzmek, milli göreş, küşt, sambo göreşi) görnüşi boýunça ýaýbaňlandyrylyp, bu ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary ýeňşi hiç kime bermedi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndysy ikinji ýeri eýelese, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýygyndy topary üçünji orna mynasyp boldy.

Diýseň dartgynly hem gyzykly geçen ýaryşlaryň biri hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasyndaky bäsleşiklerdir. Sportuň 8 (woleýbol, basketbol, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş, küşt) görnüşinden guralan ýaryşlarda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary birinji bolmagy başardy. Şondan soňky iki orun Bilim ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýygyndy toparlaryna degişli boldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda guralan bäsleşikler sportuň 9 (stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş, küşt, dzýudo, erkin göreş, grek-rim göreşi, sambo göreşi, boks) görnüşini öz içine aldy. Ýokary ruhubelentlik derejesinde geçen ýaryşlarda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary öňe saýlandy. Lebap welaýatynyň ýygyndysy ikinji orny eýelese, Ahal welaýatynyň ýygyndy topary hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Diýseň ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanan ýaryşlaryň netijeleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy ähmiýetli tutumlary bilen utgaşyp, ýurdumyzda milli sportuň eýe bolýan belent sepgitleriniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň watandaşlarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Şeýle ähmiýetli ädimler bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki taryhy taslamalaryň möhüm tapgyrydyr. Şol bir wagtyň özünde bolsa Watanymyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň beýany bolup dabaralanýar.

 

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölümi