Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Woleýbol boýunça welaýat birinjiligi

Gökdepe etrabynda woleýbol boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi ugrundaky bäsleşige gatnaşýan Günbatar sebitiň ýygyndylarynyň arasyndaky bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde Günbatar sebitiň toparlarynyň arasynda Bäherden etrabynyň woleýbolçylary ýeňişlerini baýram etdiler. Babarap geňeşligindäki Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň ýygyndysy 2-nji orny eýeledi.

Gündogar sebitiň toparlarynyň arasynda Sarahs etrabynyň woleýbolçylary ýeňiji boldy. Altyn asyr etrabynyň ýygyndysy bolsa 2-nji orna eýelik etdi. Şeýlelikde, öz sebitinde 1-nji we 2-nji orunlary eýelän ýygyndylar toparlaýyn ýaryşda welaýatyň çempionyny belli ederler.

Woleýbol boýunça Ahal welaýatynyň birinjiliginiň final tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdepde geçiriler.

Maksatnyýaz MEREDOW,

Gökdepe etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy.