Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI

Golaýda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa ýaş türgenleriň 500-e golaýy gatnaşdy. Nusgawy küşt, rapid we blis boýunça geçirilen birinjilikde türgenler medallar toplumynyň 36- sy ugrunda bäsleşdiler.

Şeýlelikde, ýaryşyň netijeleri boýunça Lebap welaýatynyň topary öňdeligi eýeledi. Lebaply türgenler jemi 20 altyn medal gazanmagy başardylar. Mary welaýatynyň topary 2-nji orny eýeledi (6 altyn, 5 kümüş we 8 bürünç). Aşgabat şäheriniň topary 3-nji orna mynasyp boldy (4 altyn, 4 kümüş we 10 bürünç). Ýaryşda Hangeldi Myradow we Bahar Jumaýewa (7 ýaşyna çenli dereje) altyn medallaryň üçüsini eýelemegi başardylar. Şeýle hem Çaryhekim Çaryýew, Bägül Jumaýewa, Läle Wepaýewa, Alyhan Batyrow, Nurhan Babanazarowa, Maksat Öwlýakulyýew , Gurbanmyrat Rüstemow we Jahan Rejepowa dagy tapawutlanmagy başardy.

Ýaryşda tapawutlanan türgenlere dürli derejeli medallar, Hormat hatlary gowşuryldy.

«Türkmen sporty» gazeti