Türkmenistanly türgen Muhammedoraz Gulow Italiýanyň Wenesiýa welaýatynyň Adriatik kenarynda ýerleşýän Ýozolo kurort şäherinde tamamlanan karate boýunça 1-nji Ýaşlar ligasynyň halkara dünýä seriýasy ýaryşynda kümüş medal gazandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 83 ýurtdan 3378 türgen gatnaşdy. Olar 12 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş derejelerinde çykyş edip medallar ugrunda bäsleşdiler.
Muhammedoraz Gulow kümüş medaly 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 40 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy.
Muhammedoraz Gulow Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýar, karate bilen bolsa tälimçi Serdar Muhammetnazarowyň ýolbaşçylygynda meşgullanýar.