Türkmen küştçüleri Kolomboda (Şri-Lanka) 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda altyn, kümüş we bürünç medallary eýelediler. Ýaryşa küşdüň üç görnüşinde – nusgawy, çalt (rapid) we juda çalt (blis) görnüşinde 9 ýurtdan 110 türgen gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň toparyndan Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň uçurymy Leýla Şöhradowa (WCM TKM, reýtingi 1960) altyn medal eýeledi. Küşdüň rapid görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda oňa taý tapylmady. 7 tapgyryň netijeleri boýunça Leýla 6,5 utuk, ikinji orny eýelän Şri Redi Kirtiniden ýarym utuk (Hindistan) we ilkinji üçlüge giren K M Dahamdi Sanuduladab (Şri-Lanka) bir utuk artyk toplady.
Leýlanyň uly dogany, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa nusgawy küştde kümüş medal gazandy, bu onuň küşt ussatlygynyň ýokary derejesini görkezýär. Ol dokuz döwde 7 utuk toplap, zenanlaryň arasynda FIDE-niň halkara ussady (WIM) adyna ilkinji balyny gazandy. Birinji orny 8,5 utuk toplan, FIDE-niň baýdagy astynda bäsleşen russiýaly Galina Miheýewa, üçünji orny bolsa 6,5 utuk toplan Hindistanyň wekili Dewi Narahari Saranýa eýelediler.
Ýaşlaryň arasynda geçirilen nusgawy ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplap, bürünç medal gazandy we FIDE-niň ussady kadasyny doldurdy, şeýle hem halkara ussady (IM) adyna bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge bir bal goşdy. Bu kategoriýada altyn medaly 7,5 utuk toplan russiýaly Konstantin Popow gazandy. Kümüş medaly A.Hommadow ýaly 7 utuk toplan, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça küştçimizden öňe geçen Asman Baýantas (Gazagystan) eýeledi.
Resmi däl toparlaýyn sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji orny eýeledi. Birinji orny FIDE-niň baýdagy astynda bäsleşen Russiýanyň topary eýeledi. Hormat müneberiniň üçünji gatyna Hindistanyň wekilleri çykdylar.