3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi bellemek üçin Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar.
Wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň Ministrler Kabinetiniň geçirilen mejlisinde habar berşi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi meýilleşdirilýär. Şeýle hem 30-njy maý – 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Welosiped sürmek ekologiýa taýdan arassa sport görnüşi bolmak bilen dünýäde, esasanam, köpçülikleýin saglyk hereketiniň ösmegine möhüm goşant goşýan Türkmenistanda barha meşhurlyk gazanýar.
Bütindünýä welosiped gününiň 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilendigini ýatladýarys. 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça doly ylalaşyk esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmek jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna goşulmak» Kararnamasy kabul edildi.