Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde 8, 10, 12, 14, 16 we18 ýaşa çenli çagalaryň hem ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistandan 17 türgenden ybarat bolan ýygyndy topar gatnaşdy.
Günbatar Aziýa çempionatynda 12 döwletden bolan 200-e golaý küştçi özara bäsleşdi. Nusgawy, rapid we blis görnüşleri boýunça guralan ýaryşlar diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Gyzgalaňly ýaryşda türkmen küştçüleriniň mynasyp çykyş etmegi başarandyklaryny bellemek gerek.
Blis boýunça ýurdumyzyň iň bir tejribeli küştçüleriniň biri bolan Leýla Şöhradowa (2029 reýting) 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda altyn medal gazandy. 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýew (1732 reýting) bürünç medala eýe çykdy. Nusgawy, rapid, blis görnüşlerinden 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri Maksat Awlýakulyýew (1739 reýting), Myrat Merdanow (1803 reýting), Didar Hupbyýew (1613 reýting) bürünç medallara mynasyp boldular.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary Günbatar Aziýa çempionatynyň bir altyn, dört bürünç medalyny eýeledi.
«Türkmen sporty» gazeti