Soňky habarlar

Türkmenistanda Ýeňiş güni baýram edildi

Halklaryň Beýik Ýeňşiň hatyrasyna arzuw-umytlaryny, güýç-gaýratyny we zähmetini alamatlandyrýan bu nurana baýram türkmenistanlylaryň durmuşynda-da möhüm orny eýeleýär.

Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Ýurdumyzda ýowuz urşa gatnaşanlar hem-de olaryň maşgala agzalary aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplarynda ebedileşdirildi. Weteranlara durmuş ýeňillikleri bilen birlikde, maddy kömek berilýär. Hormatly Prezidentimiz ildeşlerimize milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Şu ýyl hem döwlet Baştutanymyz Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekdi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda dabaranyň başlanýandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormat garawulynda beýik pederlerimiziň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler. Dabaranyň möhüm pursady ýetip gelýär: söweşjeň buýsanjyň we hakydanyň mukaddes ýerlerine öwrülen belent ýadygärliklere hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp gül desseleri goýulýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Milletiň ogullary”, “Ruhy tagzym” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine tagzym etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, ýaşululardyr tylda zähmet çeken eneler “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdular. 

Soňra dabara gatnaşanlaryň ählisi belent hormat duýgusy bilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde edermen Watan goragçylaryna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desseleri goýuldy. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.