Soňky habarlar

«Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşyna badalga berildi

Paýtagtymyzda 8 — 17-nji noýabr aralygynda tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda geçirilýän «Ashgabat Open 2024» ýaryşlaryna badalga berildi.

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilýän bu halkara ýaryş özüne dünýäniň onlarça ýurdundan 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan hem-de gyz türgenleri jemledi.

Oýunlaryň açylyş dabarasynda çykyş eden dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şeýle hem Halkara Tennis federasiýasyndan gelen hünärmenler bu günki gün Türkmenistanyň sport döwletine ynamly öwrülýänligi, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde iri halkara derejeli sport çärelerini, bäsleşiklerini geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sportuň maddy-enjamlaýyn, kanunçylyk-hukuk we hünärmenler binýadyny gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Maddy-enjamlaýyn binýady gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär. Muňa diňe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyna «Tennis boýunça Aziýanyň okuw-türgenleşik merkezi» diýen sertifikatyň gowşurylmagyny, şeýle-de Aşgabatda bolan GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň sammitinde Aşgabat — «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýen resminamanyň kabul edilmegini hem mysal hökmünde görkezmek bolar.

«Ashgabat Open 2024» ýaryşlaryna gatnaşýan myhmanlara, türgenlere, wekiliýetleriň agzalaryna paýtagtymyzda bolýan günleriniň dowamynda, şeýle hem ýaryşlar wagtynda türkmen milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, ýokary hilli hyzmatlar ýola goýuldy. Myhmanlaryň boş wagtlaryny many-mazmunly geçirmekleri üçin olar bilen ýurdumyzyň, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine gezelençleri guramak meýilleşdirildi.

 

Göwher  GARLYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.