Soňky habarlar

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri hökmünde ykrar edildi

Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) Baş Assambleýasynyň Gonkongda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri diýlip yglan edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Aziýanyň Tennis federasiýasy sebitiň 45 ýurdundan ybaratdyr. Baş Assambleýanyň bu gezekk mejlisi bu guramanyň döredilmeginiň 60 ýyllyk ýubileýi bilen gabat geldi. Baş Assambleýanyň mejlisiniň geçýän günlerinde ATF-niň prezidenti Ýuriý Polskiý Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletowa bu şanly waka bilen bagly ýadygärlik kubogyny gowşurdy.

 Eziz Döwletow Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti hökmünde, Aziýanyň Tennis federasiýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Selbi BÄŞIMOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.